Prezident Erdogan Aýder ýaýlagyna bardy

Prezident Erdogan Aýder ýaýlagyna gözegçilik işlerini geçirdi

1473821
Prezident Erdogan Aýder ýaýlagyna bardy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Rize welaýatynyň Çamlyhemşin etrabynyň Aýder ýaýlagynda Daşky gurşaw we şäherçilik ministrligi tarapyndan edilýän işlere gözegçilik etdi. 

Rize welaýatynyň Güneýsu etrabyndaky öýünden dikuçar bilen Ardeşen etrabyna geçen Erdogan, ol ýerden bolsa gara ýoly bilen Aýder ýaýlagyna bardy. 

Ýoluň ugrunda duran raýatlara salam beren Erdogan, sebitde edilýän işler barada resmilerden maglumat aldy. 

Prezident Erdogan, ýoluň gyrasynda gaýnadylan mekgejöwen satan zenandan mekgejöwen satyn alyp metbugat işgärlerine hödür kerem etdi. 

Ondan soň Aýder ýaýlagyna baran Prezident Erdogan, ýanyndaky resmiler bilen myhmanhanalaryň birinde ertirlik nahar edindi. 

 


Etiketkalar: #mekgejöwen , #ýaýlag , #Aýder , #Rize

Degişli Habarlar