Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 230 müň 969 adama ýetdi

1473896
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 19 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 974   adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 65 müň 956 adam testden geçirilip, ýene-de 1192 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 997 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 230 müň 969 adama ýetdi.



Degişli Habarlar