Bitlis welaýatynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Içeri işler ministrligi operasiýa bilen bagly beýanat berdi
Bitlis welaýatynda Žandarma güýçleri tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde Bitlis welaýatynda Žandarmanyň welaýat serkerdeliginiň Žandarmanyň ýöriteleşdirilen topary we Žandarmanyň desant güýçleri tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada, 3 terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen Hakkari welaýatynda 3 terrorçy, Bitlis welaýatynda 3 terrorçy bolmak bilen soňky 2 günde jemi 6 terrorçy öli ýagdaýda ele salyndy. Sebitdäki operasiýalar dowam edýär" diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.