“Türkiýäniň Kovid-19-a garşy göreşde gören çäreleri onuň täsiriniň azalmagynda uly rol oýnady”

BDB,Türkiýäniň Kovid-19-yň ýaýramagyny beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende has çalt gözegçilik astyna alandygyny mälim etdi

1471341
“Türkiýäniň Kovid-19-a garşy göreşde gören çäreleri onuň täsiriniň azalmagynda uly rol oýnady”

 

Bütindünýä banky, Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň ýaýramagyny beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende has çalt gözegçilik astyna alandygyny mälim etdi.

Bütindünýä bankynyň Türkiýedäki ykdysady ýagdaý baradaky habarnamasynda “Koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň ilki bada has köp bolandygyna garamazdan Türkiýänin beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin berk çäre görendigi nygtaldy.

Bütindünýä bankynyň Türkiýe bölüminiň müdüri Auguste Kouame hem mesele hakyndaky beýanatynda “ Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşde alyp baran syýasatlary pandemiýanyň täsiriniň azalmagynda uly rol oýnady” diýdi.


Etiketkalar: #pandemiýa , #koronawirus , #bank

Degişli Habarlar