Koronawirus howply bolmagynda galýar

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1467712
Koronawirus howply bolmagynda galýar

 

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 19 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 784 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 53 müň 842 adam testden geçirilip, ýene-de 1178 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1015 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 219 müň 506 adama ýetdi.



Degişli Habarlar