Erdogan: "Biz hiç wagt ýumurmagyň we ýok etmegiň tarapdary bolmadyk" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, hiç wagt ýumurmagyň, ýok etmegiň tarapdary bolmandyklaryny habar berdi.

1463449
Erdogan: "Biz hiç wagt ýumurmagyň we ýok etmegiň tarapdary bolmadyk" diýdi

Prezident Erdogan, Sümela monastyrynyň 2-nji etap açylyş dabarasyna we Trabzon Aýasofýa metjidiniň abatlaýyş işlerinden soňky açylyş dabarasyna wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Erdogan: "Beýleki dinleriň simwollaryny nyşana alýan bir millet bolan bolsadyk, eýýäm 5 asyr bäri elimizde bolan Sümela manastyrynyň ýerinde häzirki wagtda ýel çalardy" diýip belledi. 

Prezident Erdogan, Sümela monastyry bilen baglanşykly: "Türkiýäniň territoriýasynyň çägindäki her dürli medeni mirasyna nähili ýagdaýda eýe çykýandygyny anyk bir subutnamasy bolan bu işi, ýurdumyzy tankyt edýänleriň garamagyna hödürleýäris" diýip belledi. 

Aýasofýa metjidi bilen baglanşykly bolsa Erdogan: "Bu beýik ybadathana eýe çykýandygymyz, ýaşadýandygymyz üçin minnetdarlyga laýykdygymyza ynanýarys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar