Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär
Hakkari welaýatynda operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi
Türkiýäniň Hakkari welaýatynda geçirilen howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýada 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde, Hakkari welaýatynda Welaýat Žandarma serkerdeligi we Welaýat Içeri işler edarasy tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa geçirilendigi aýan edildi.
Operasiýada 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Sebitde operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi.
Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.
Beýanatda: “Sebitde her dürli howpsuzlyk çäreleirni gören komandos güýçlerimiz, ýene-de bir hüjümiň öňüni alyp PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi” diýip mälim edildi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň Afrika diplomatiýasy Günbataryň gün tertibinde
Analizde Afriakda täsirli bolan iň uly güýjiň Türkiyedigi beýan edildi