Türkiýe Togoda ilçihana açar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Günbatar Afrikada ýerleşýän Togo döwletinde ilçihananyň açyljakdygyny mälim etdi

1458896
Türkiýe Togoda ilçihana açar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen baran Togoda, ýurdyň Döwlet baştutany Faure Gnassingbe tarapyndan kabul edilmeginden soň beýanat berdi. 

Togo döwletine uly wekiliýet bilen gelendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Togo sapar guran Türkiýäniň ilkinji Daşary işler ministri boldym. Bu mümkinçilige bagtyýar boldym. Hormatly Prezidentimiziň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdim" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Togo bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy nädip özgerdip biljekdigimizi maslahatlaşmak üçin bu ýere geldik. Mundan başgada bu ýerde ilçihana açmak barada karara geldik. Ilçihanamyzyň haçan we nädip açyljakdygyny maslahatlaşdyk. Mundan başgada 1 aý ozal kärdeşim, Togonyň Daşary işler ministri Robert Dusseý meni ýurduna çagyrypdy. Onuň çakylygyna laýyklykda bu ýere gelmegine şat boldym" diýip belledi. 



Degişli Habarlar