Terrora garşy göreş egilşiksiz ýagdaýda dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi beýanat berdi

1457774
Terrora garşy göreş egilşiksiz ýagdaýda dowam edýär

Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy, guralan howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: “Yragyň demirgazygyndakt Zap sebitinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Mardin we Hakkari welaýatlarynyň Içeri işler edaralarynyň tagallalary netijesinde Siriýada terror guramasy ÝPG/PKK-nyň düzüminden gaçan S.T. atly terrorçy Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabyndaky howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda geçirilen operasiýada bolsa biri serhet birikmesini nyşana almak üçin niýetlenip taýar ýagdaýa getirilen, beýlekisi bolsa uzakdan pult bilen ulanyp boljak ýagdaýa getirilen 2 aýry raketa tapyldy.

Komandos güýçleriniň ünsli operasiýalary saýasynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň serhet birikmesine guramak islän hüjümiň öňi alyndy. 

 


Etiketkalar: #operasiýa , #Mardin , #Hakkari

Degişli Habarlar