Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusa ýoluganlaryň sany alty günden bäri müň adamdan az

1457831
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 16 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 491adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 41 müň 310  adam testden geçirilip, ýene-de 924 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 997 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 202 müň 10 adama ýetdi.



Degişli Habarlar