"Penje-Gaplaň" operasiýasynyň çäginde üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan operasiýa bilen bagly beýanat berildi

1455454
"Penje-Gaplaň" operasiýasynyň çäginde üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitinde Penje-Gaplaň operasiýasynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, Penje-Gaplaň operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi bellenip: "Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitinde anyklanan PKK-a agza 3 terrorçy guralan howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip aýan edildi.



Degişli Habarlar