Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusa ýoluganlaryň sany müň adamdan aşak düşýär

1455783
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

 

Koronawirusa ýoluganlaryň sany müň adamdan aşak düşdi

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 17 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 419 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 42 müň 320  adam testden geçirilip, ýene-de 947 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1013 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 197 müň 733 adama ýetdi.



Degişli Habarlar