Hulusi Akar: "Şu ýylyň başyndan bäri 1900 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Akar, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri 17 müň 27 terrorçy, şu ýylyň başyndan bäri 1900 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1455608
Hulusi Akar: "Şu ýylyň başyndan bäri 1900 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri 17 müň 27 terrorçy, şu ýylyň başyndan bäri 1900 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli Milli Goranmak ministrliginden geçirilen dabarada eden çykyşynda: "Fetullahçy terror guramasyna garşy göreşimizi tutanýerlilik bilen dowam edýäris. Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň harby formasyny dönükleriň geýmegine rugsat bermeris" diýip belledi. 

Hulusi Akar: "Terror belasyny dolulygyna ýok etmekde tutanýerlidiris. 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri 17 müň 27 terrorçy, şu ýylyň başyndan bäri 1900 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi. 

Liwiýanyň suw giňişliginde Fransiýa degişli gämisine garşy hereket edilendigi bilen bagly öňe sürmeler barada bolsa Hulusi Akar: "Öňe sürmeler dolulygyna nädogrydygy subut edildi. Fransuz hyzmatdaşlarymyzdan entegem ötünç soramagyna garaşýarys" diýip belledi.

Ermenistanyň hem Azerbaýjana guraýan hüjümleri barada hem beýanat beren Hulusi Akar: "Bu hüjümi guranlar öz boýlaryndan geçýän bir işe girişdiler. Ermenistan tarapyndan açylan bu bulançak suwda gark bolar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar