Terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy göreş giň-gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi beýanat berdi

1454690
Terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy göreş giň-gerimli dowam etdirilýär

Siriýadaky Ýewfrat galkany sebitinde we Zeýtun şahajygy sebitinde ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza 4 terrorçy tussag edilen bolsa, Yragyň demirgazygykdaky ýerlerinden gaçan 4 terrorçy Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak maksady bilen geçirmek islän terrorçylykly aksiýalarynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Ýewfrat galkany sebitinde 2 terrorçynyň, Zeýtun şahajygy sebitinde hem 2 terrorçynyň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýleki bir beýanatda bolsa: "Yragyň demirgazygyndaky ýerlerinden gaçan PKK-a agza 4 terrorçy, Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar