Erzurum welaýatynda bir terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrligi waka bilen bagly beýanat berdi

1453639
Erzurum welaýatynda bir terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Erzurum welaýatynyň Şenkaýa etrabynda gurama agza 3 terrorçynyň anyklanmagy bilen sebitde operasiýanyň başladylandygy, ýüze çykan çaknyşykda 1 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Beýanatda: "Dowam edýän operasiýada gabaw astyna alynan 2 terrorçy şu gün howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 3 adamlyk terrorçy topar Gara deňiz sebitine geçmäge synanyşdy. Geçirilen operasiýa bilen olaryň öňi alyndy" diýip bellendi. 



Degişli Habarlar