Hakkari welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Hakkari welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1450421
Hakkari welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde Hakkari welaýatynyň merkezi etrabynyň obalyk ýerinde, welaýat Žandarma güýçleri tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa geçirildi. 

Operasiýada 2 terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär.

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Siriýada Ýewfrat galkany operasiýasy sebitinde hüjüm guramak üçin taýarlyk görendiklerini anyklanan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar