“Türkiýe şu günli güne çenli göreşsiz üstünlik gazanmady”

Erdogan Türkiýäniň şu günki güne çenli ähli üstünliklerini alyp baran göreşiniň netijesinde gazanandygyny aýtdy

1449343
“Türkiýe şu günli güne çenli göreşsiz üstünlik gazanmady”

Prezident R.T.Erdogan Energetika we tebigy serişdeler ministrligi tarapyndan ulanmaga berilen Gidroelektrik önümçilik desgalarynyň köpçülikleýin açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bekediň Türkiýe üçin medeni bolmaklygyň hamala diýersiňiz özenini emele getirýändigini nygtan Erdogan, energiýasy bolmadyk ýurduň medeni bolmaklykdan söz etmeginiň mümkin däldigini aýtdy.

“Türkiýe şu günli güne çenli göreşsiz üstünlik gazanmady” diýen Erdogan: “Bütin dünýäniň öz çägine çekilen döwründe maýa goýumy, önümçiligi we iş üpjünçiligini goldap, oňyn tapawutlylyk bilen epidemiýa boýun egmändigimizi görkezdik. Koronawirus epidemiýasynda saglyk üpjünçiliginiň ýanynda tas ähli pudaklardaky maýa goýumlaryny dowam etdiren Türkiýe 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin öňde goýulan maksatlaryna ýetmekde ygrarlydygyny görkezýär” diýdi.

Erdogan hususy pudagyň diňe bir guramaçylykly senagat zolaklarynda soňky 6 aýda 10 milliard liralyk maýa goýumy bilen 583 sany täze fabrigi ulanmaga berendigini beýan etdi.

ÝB-niň Türkiýä garşy pozisiýasyny tankyt eden Erdogan: “ÝB-niň aç-açanlyk meselesi bolan ýurtlary Türkiýeden ileri tutup, alyp barýan iki standartlylygynyň aňyrsyndaky niýeti belli” diýdi.

Prezident Erdogan: “Saglygy goraýyşdan ykdysadyýete, diplomatiýadan howpsyzlyga ähli ugurlarda özümize ynanýarys” diýdi.



Degişli Habarlar