Prezident R.T.Erdogan bir günlük iş sapary bilen Katara gitdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Prezident Erdogan Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Sani bilen duşuşar

1447644
Prezident R.T.Erdogan bir günlük iş sapary bilen Katara gitdi

Duşuşykda dost we doganlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn seljerilmegi meýilleşdirilýär.

Koronawirus epidemiýasyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Katara guraýan Erdogan bilen Kataryň Emiri Al Saniniň duşuşygynda sebitleýin we halkara meseleler boýunça hem giňişleýin pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Erdogana saparynyň dowamynda Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, Milli goranmak ministri Hulusi Akar, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun, Prezidentiň Metbugat Sekretary İbrahim Kalyn bilen Milli howpsyzlyk guramasynyň Başlygy Hakan Fidan ýoldaşlyk edýär.



Degişli Habarlar