Türkiýe Waşingtondaky ilçihanasynyň öňündäki Atatürkiň heýkeline garşy guralan hüjümi ýazgardy

Hami Aksoý Türkiýäniň Waşington şäherindäki ilçihanasynyň öňünde ýerleşýän Atatürkiň heýkeline garşy guralan hüjüme reaksiýa bildirdi

1445757
Türkiýe Waşingtondaky ilçihanasynyň öňündäki Atatürkiň heýkeline garşy guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Türkiýäniň Waşington şäherindäki ilçihanasynyň öňünde ýerleşýän Atatürkiň heýkeline asylan biz matanyň bölegi bilen bagly soraga ýazmaça jogap berdi. Hüjümi ýazgaran Hami Aksoý: "Dünýä taryhyndaky aýratyn bir orny bolan Respublikamyzyň esaslandyryjysy Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürkiň ýagty ýadygärligine we şöhratly taryhymyza garşy guralan bu gelşiksiz aksiýalar bilen kemsidilip bilinmejekdigi şübhesizdir. Bu aksiýanyň jogapkärlerine garşy derňew işiniň başladylmagy üçin Türkiýäniň Waşington şäherindäki ilçihanasy tarapyndan Amerikan resmilerine gerek bolan işleriň başladylmagy üçin ýüz tutuldy" diýip beýan edildi. 



Degişli Habarlar