Sanjak sebitiniň boşnýak milli Geňeşi Türkiýeden kömek sorady

Sanjak sebitiniň boşnýak milli Geňeşiniň Başlygy Žasmina Jurij Prezident Erdogandan saglyk hünärmeni kömegini sorady

1443158
Sanjak sebitiniň boşnýak milli Geňeşi Türkiýeden kömek sorady

Sanjak sebitiniň boşnýak milli Geňeşiniň Başlygy Žasmina Jurij Prezident R.T.Erdogana ugradan hatynda gyssagly saglyk hünärmeni kömegini sorady

Hatynda Nowy Pazar şäheriniň başda durmagynda Sanjak sebitiniň soňky günlerde koronawirusa garşy göreşde uly kynçylyklary başdan geçirýändigini beýan eden Jurij, esasanda soňky 10 günden bäri sebitdäki şertleriň agyrdygyna ünsi çekdi.

Prezident Erdogana sebite beren ozalky kömekleri üçin sagbolsun aýdan Jurij: “Kömege mätäçlere elmydama el uzadýandyňyzy göz öňünde tutup, sizden ýene-de bir gezek Sanjaga gyssagly kömek soraýaryn. Häzirki wagtda esasan saglygy goraýyş hünärmenleri ýetmezçilik edýär” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar