Prezident Erdogan Gwineýa-Bisaunyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Gwineýa-Bisaunyň Prezidenti Umaro Sissoko Embalo bilen duşyşyk geçirdi

1439931
Prezident Erdogan Gwineýa-Bisaunyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan şu gün günortan Stambuldaky Wahdettin köşgünde Kars suw howdanynyň açylyş dabarasyna wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Erdogan açylyş dabarasyndan soň Türkiýä iş sapary bilen gelen Gwineýa-Bisaunyň Prezidenti Umaro Sissoko Embalo bilen duşyşyk geçirdi. 

Duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy. 

Türkiýe-Gwineýa-Bisau gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň gözden geçirilen duşuşykda, hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi bilen bagly mümkinçilikleriň ele alynandygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara hadysalar barada pikir alyşylandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar