Hulusi Akar we serkerdeler serhet zolagynda gözegçilik işlerini geçirýär

Hulusi Akar operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1439784
Hulusi Akar we serkerdeler serhet zolagynda gözegçilik işlerini geçirýär

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda geçirilýän Penje-Gaplaň operasiýasynyň başyndan bäri 700-den gowrak nyşananyň ýer bilen ýegsan edilendigini habar berdi. 

Hulusi Akar we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň beýleki serkerdeleri, Penje-Gaplaň operasiýasyny düýn gije serhet zolagynyň golaýyndaky dolandyryş merkezinden dolandyrdy we oňa gözegçilik etdi. Hulusi Akar düýn şeýle hem operasiýasnyň geçirilýän ýerine iň ýakyn ýer bolmak aýratynlygyna eýe bolan Siýah Gaýa diýilen ýere baryp gözegçilik işlerini geçirdi. 

Hulusi Akar, ýanyndaky Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler, Guryýer güýçleriniň serkerdesi Ümit Dündar, Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Hasan Küçükakýüz, Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Adnan Özbal we 2-nji goşunyň serkerdesi Sinan Ýaýla bilen serhet zolagynda gözegçilik işlerini geçirdi. 

Gijäniň dowamynda söweş meýdanyndaky ýagdaýa ýakyndan gözegçilik eden Akar, Penje-Gaplaň operasiýasynyň meýilleşdirilşi ýaly dowam edýändigine ünsleri çekip: "Häzirki wagta çenli terrorçylaryň hinlerine girildi, bu hinler, gowaklar üstlerine ýumrulmaga dowam edýär. Operasiýanyň başyndan bäri 150-ä golaý gowak ele salyndy. Terrorçylaryň duzaklap goýan 160-a golaý elde ýasalan partlaýjy we mina ýok edildi. Köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy. Häzirki wagta çenli guryýer güýçlerimiziň od açmagy netijesinde 700-den gowrak nyşana ýer bilen ýegsan edildi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar