Gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorçy tussag edildi

INTERPOL tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän Sabri Dal tussag edildi

1439198
Gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorçy tussag edildi

 

INTERPOL tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän ekstremist terror guramsy PKK-a agza terrorçy Sabri Dal, Içeri işler müdürligi we Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan guralan bilelikdäki operasiýada Şyrnakda tussag edildi.

Welaýat häkimligi tarapyndan berlen beýanatda, Içeri işler müdürligi we Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan, INTERPOL tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorçy Sabri Dalyň Silopi etrabyndadygy anyklanyldy.

Beýanata görä, Içeri işler müdürligi we Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan guralan bilelikdäki operasiýada daşary ýurda gaçmak üçin taýarlyk görýän terrorçy düýn agşam 23.35 töweregi tussag edildi.



Degişli Habarlar