TÝG-nyň Haftanindäki "Penje-Gaplaň" operasiýasy üstünlikli ýagdaýda dowam edýär

Nyşanalar toplar, gaubisalar, köp nilli raketalar bilen birlikde ýaragly uçarmansyz howa ulaglary we F-16 kysymly uçarlar bilen ýok edildi

1438457
TÝG-nyň Haftanindäki "Penje-Gaplaň" operasiýasy üstünlikli ýagdaýda dowam edýär
akar komutanlar-pence kaplan1.jpg
akar komutanlar-pence kaplan.jpg
pence-kaplan.jpg

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylara garşy başladan "Penje-Gaplaň" operasiýasynda 36 sagadyň dowamynda gurama degişli 500-den gowrak nyşana ýok edildi. 

Nyşanalar toplar, gaubisalar, köp nilli raketalar bilen birlikde ýaragly uçarmansyz howa ulaglary we F-16 kysymly uçarlar bilen ýok edildi. 

Desant güýçleri kyn şertlerde terrorçylaryň ýerlerine girmäge dowam edýärkä, uçarmansyz howa ulaglary we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary sebite dowamly häsýetde gözegçilik edýär. 

Türk esgerler terror guramanyň sebitde goýan minalaryny we elde ýasalan partlaýjylaryny täsirsiz ýagdaýa getirýär we şeýle hem ýarag, ok-däri we ýaşaýyş üçin gerek bolan enjamlaryny ýok etmäge dowam edýär. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň serkerdeler düzüminiň Gury ýer güýçleriniň dolandyryş merkezindäki gözegçilik işleri dowam edýär. 

Wideo konferensiýa arkaly operasiýa gatnaşýan ofiserler bilen söhbetdeş bolýan Akar we serkerdeler, söweş meýdanyndaky ýagdaýa gijäniň dowamynda hem ýakyndan gözegçilik etdi, buýruklar berdi. 

Hulusi Akar, söweş meýdanyndaky ofiserlere ýüzlenip eden çykyşynda: "Penje-Gaplaň operasiýasy üstünlikli ýagdaýda dowam edýär. Şol bir erjellik we tutanýerlilik bilen dowam edip, nesip bolsa bu operasiýany hem üstünlikli ýagdaýda tamamlarys" diýip nygtady. 

Ofiserler hem öz gezeklerinde, iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli göreşleriniň dowam etjekdigini, şol çäkde beriljek ähli wezipeleri ýerine ýetirmäge taýardyklaryny beýan etdiler. 


Etiketkalar: #Haftanin , #Penje-Gaplaň

Degişli Habarlar