Mewlüt Çawuşogly Liwiýa sapary bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly, türk wekiliýetiniň düýn Liwiýa sapar guramagynyň adamlarda hoşallyk duýgusyny döredendigini habar berdi

1438675
Mewlüt Çawuşogly Liwiýa sapary bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Saparymyzyň maksady mälim: Liwiýa berýän goldawymyzy ýene-de bir gezek güýçli ýagdaýda bildirmek üçin bu saparymyzy amala aşyrdyk" diýip mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň paýtagty Tripoli şäherinden Stambula gaýdyp gelýärkä uçarda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan we Prezidenti metbugat geňeşçisi Ibrhaim Kalyn bilen guran saparynyň üstünde durup geçdi. 

Mewlüt Çawuşogly, saparyň barşynda mundan soň iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygy özgertmek ýaly ugurlaryň ara alynyp maslahatlaşylandygyny aýan etdi. 

Saparyň örän peýdaly we netijeli geçendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Terhune şäherinde tapylan köpçülikleýin mazarlar bilen baglanşykly: "Bu meseläniň Halkara Jenaýat kazyýetine ýetirilmegi üçin Liwiýanyň edýän tagallalaryna goldaw berýäris. Adamzady ret edýän, adamzat gymmatlyklaryna sygmaýan bular ýaly gyrgynçylyklaryň hasaby soralmalydyr. Jogapkärler hem kazyýetiň öňüne çykarylmalydyr" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly, mundan başgada Türkiýä gaýdyp gelýärkä buşlukly habar alandyklaryny belläp, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlyklygyna Türkiýe tarapyndan dalaşgär hödürlenen ilçi Wolkan Bozkyryň saýlanandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar