Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Içeri işler ministrligi geçirilen operasiýalar barada beýanat berdi

1432480
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda we Elazyg welaýatynyň Aryjak etrabynda Žandarma güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýalarda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndaky operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Elazyg welaýatynyň Aryjak etrabynyň Göresedagy diýilen ýerinde bolan çaknyşykda ýene-de 2 terrorçy öli ýagdaýda ele salyndy. 

Sebitde operasiýalar dowam edýär. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda 2 terrorçy, Elazyg welaýatynyň Aryjak etrabynyň Görese dagy diýilen ýerinde ýene-de 2 terrorçy bolmak bilen jemi 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berip: "Ýurdyň içindäki terrorçy sany 445-e çenli azaldy. Nesip bolsa terror bu ýurdyň ykbaly bolmakdan çykar. Ýene-de biraz sabyr edeliň we gaýrat edeliň" diýip belledi.  

Elazyg welaýatynda şu gün geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen 2 terrorçynyň 1-iniň terror sanawynda ady bolan Salih Ekinji bolandygy aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Diýarbakyr welaýatynyň Silwan etrabynda welaýat Žandarma serkerdeligi tarapyndan geçirilen operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Düýn bolsa Eýran serhediniň golaýynda anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen 6 terrorçynyň 1-iniň, Terrordan gözlenýänleriň sanawynda mämişi kategoriýada ady bolan Sadyk Akmazdygy anyklandy. 



Degişli Habarlar