Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Içeri işler ministrligi geçirilýän operasiýalar barada maglumat berdi

1431227
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda 31-nji maýda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy başladylan operasiýalarda şu günki güne çenli täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 6-a ýetdi. 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, 31-nji maýda Owajyk etrabynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 3 terrorçynyň ellerindäki ýaraglary bilen birlikde öli ýagdaýda ele salynandygy ýatladylyp: "Dowam edýän operasiýalarda şu gün gözleg we saplaýyş işlerinde ýene-de 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi anyklandy. Şeýlelik bilen Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabyndaky operasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 6-a ýetdi" diýip habar berildi. 

Beýanatda terrorçylar bilen birlikde 2 sany M-16 tüpeňi, 1 sany AK-47 kiçi kalibrli tüpeň, 3 granat, 1 radio aragatnaşyk abzaly bilen köp mukdarda ok-däriniň ele salynandygy aýan edildi. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda hem, Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde gözegçilik enjamlari bilen anyklanan PKK-a agza 4 terrorçynyň howa hüjümleri bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar