“Türk esgerleri liwiýaly doganlary bilen meýilleşdirilen maksada tarap öňe barýar”

Prezident R.T.Erdogan “Millet baglary” seýilgähleriniň köpçülükleýin açylyş dabarsyna gatnaşdy

1430339
“Türk esgerleri liwiýaly doganlary bilen meýilleşdirilen maksada tarap öňe barýar”

Erdogan dabarada sözlän sözünde türk esgerleriniň birnäçe günüň dowamynda Liwiýada liwiliýaly doganlary bilen alyp barýan göreşlerinde meýilleşdirilen maksada tarap okgunly öňe barýandyklaryny aýtdy.

Erdogan; “Respublikanyň 100 ýyllygyna sanalgyja ýyl galanda 81 welaýatymyzda 81 million inedördül metr “Millet bagy” seýilgähini açma maksadymyza ädim-ädim ýakynlaşýarys” diýdi.

Erdogan 2023-nji ýyla çenli 81 welaýatyň ählisinde “Millet bagalarynyň” açyljakdygyny aýtdy.

Koronawirusa garşy göreşde Türkiýäniň gazanan üstünligi barada-da durup geçen Erdogan: “Biz epidemiýada beýik döwletdigimizi bütin dünýä görkezdik” diýdi.

Liwiýada huntaçy Halyf Haftara garşy alynyp barylýan üstünlikli göreş hakynda-da maglumat beren Prezident Erdogan: “Esgerlerimiz soňky birnäçe günde Liwiýada liwiýaly doganlary bilen meýilleşdirilen maksada tarap öňe barýar” diýdi.



Degişli Habarlar