PKK-a garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda guralan howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasaby Twitterden berilen beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Haftanin, Awaşin we Zap sebitlerinde gözegçilik enjamlary bilen anyklanan PKK-a agza 4 terrorçynyň howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda bolsa Mardin welaýatynyň Ömerli etrabynda welaýat Žandarma serkerdeliginiň koordinasiýasy esasynda, Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparynyň, Žandarmanyň komandos toparynyň we howpsyzlyk gullukçylarynyň gatnaşmagynda operasiýanyň geçirilendigi aýan edildi.
Operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilip, köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy.
Siirt welaýatynyň Baýkan etrabynda geçirilen operasiýada bolsa 2 terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi.