Içeri işler ministriniň orunbasary PKK-a garşy geçirilýän operasiýalar barada maglumat berdi

Içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-a garşy maý aýynda geçirilen operasiýalarda 78 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1429414
Içeri işler ministriniň orunbasary PKK-a garşy geçirilýän operasiýalar barada maglumat berdi

Ýurdyň Içeri işler ministriniň orunbasary we ministrligiň metbugat geňeşçisi Ismail Çatakly, terrora garşy geçirilen operasiýalar barada maglumat berip, maý aýynda täsirsiz ýagdaýa getirilen 78 terrorçynyň 4-siniň terror sanawynda mämişi kategoriýa boýunça, 8-siniň çal kategoriýa boýunça, 1-iniň bolsa guramanyň Herekol sebitinden jogapkär ýolbaşçysydygyny habar berdi. 

Ismail Çatakly, operasiýalarda 403 gowagyň, wagtlaýyn ýaşaýyş ýerleriň we gaçybatalgalaryň ýok edilendigini mälim etdi. 

Guramanyň düzümine goşulan adamlaryň sany şu ýylyň ilkinji 5 aýynda geçen ýylyň ilkinji 5 aýyna garanyňda 72 adam azalyp, ýurdyň içindäki terrorçylaryň sany 500-e çenli azaldy. 



Degişli Habarlar