Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan terrorçylar täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1427749
Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan terrorçylar täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Gahryman esgerlerimiz, PKK/ÝPG terror guramasynyň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmegini ýene-de bir gezek öňüni aldy. Sebitdäki asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak isleýän PKK/ÝPG-e agza ýene-de 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi.

Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi, Içeri işler edarasy we Žandarma güýçleriniň eden tagallalary netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 4 terrorçynyň howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigi mälim edildi.

Şeýlelik bilen şu ýylyň başyndan bäri ynandyrylyp boýun egdirilen terrorçylaryň sany 81-e ýetdi.  



Degişli Habarlar