Prezident Erdogan Jorj Floýdyň polisiýa işgärleri tarapyndan öldürilmegini ýazgardy

Erdogan hadysa bilen bagly beýanat berdi

1425626
Prezident Erdogan Jorj Floýdyň polisiýa işgärleri tarapyndan öldürilmegini ýazgardy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-da polisiýa işgärleriniň eden-etdiligi netijesinde ýogalan Jorj Floýdyň öldürilmegi bilen baglanşykly: "Bu adamzat gymmatlyklaryna bap gelmeýän düşünjäni ýazgarýaryn" diýip belledi. 

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan iňlis dilinde beren beýanatynda, polisiýa işgärleriniň eden-etdiligi netijesinde Floýdyň ýogalmagy bilen netijelenen hadysanyň üstünde durup geçdi. 

Erdogan: "ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde Jorj Floýdyň ezýet berilip öldürilmegine sebäp bolan rasist we faşist düşünje, diňe bizi gynandyrmak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde bütin dünýäda biziň garşy bolýan adalatsyz düzgüniň iň gussaly ýüze çykmalarynyň biri boldy. Bize, ýaradandan başga adamlara hormat goýmagy öwreden Yslam medeniýetiniň bir agzasy hökmünde bu adamzat gymmatlyklaryna bap gelmeýän düşünjäni ýazgarýaryn. Nirde, haýsy ýagdaýda, nähili ýagdaýda bolsa bolsun Türkiýe hemişe adamzada garşy guralan islendik hüjüme garşy pozisiýa eýeledi" diýip belledi. 

Muhammet Pygamberiň "Akýagyzlar garaýagyzlardan üstün däldir. Garaýagyzyň hem akýagyzdan üstünligi ýokdyr" ýaly hadysyny ýatladan Erdogan: "Şol ýörelgäniň çäginde jyns, reňk, din, dil ýa-da ynanja esaslanýan hiç bir tapawuda ýer goýman bütin adamlaryň hukuklaryny goramak üçin göreşmäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

46 ýaşyndaky Jorj Floýd, birnäçe gün ozal galplyk şübhesi bilen Minneapolis şäheriniň polisiýa işgärleri tarapyndan göz tussaglygyna alynan mahaly, polisiýa işgärleriniň biriniň uzak wagtlap dyzy bilen boýnuna basmagyna "Dem alyp bilemok" diýip ýalbarypdy. 

Jorj Floýdyň wakanyň bolan ýerine gelen saglygy goraýyş edarasynyň işgärleri tarapyndan alynyp gidilen hassahanada ýogalandygy mälim edilip, ýoldan geçip barýan raýatlaryň telefonlary bilen ýazga alan wideolary sosial mediada paýlaşylypdy. 

Wideo ýazgylar ýurtda garaýagyzlara garşy polisiýa işgärleriniň eden-etdiliklerini ýene-de gün tertibe getiripdi we Minneapolis şäheri başda bolmak bilen ýurdyň ençeme şäherinde protestleriň geçirilmegine sebäp bolupdy. 



Degişli Habarlar