Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terror guramasy PKK-a garşy guralýan operasiýalaryň dowam edýär
Yragyň demirgazygynda ýerleri anyklanylan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, terror guramasy PKK-a garşy guralýan operasiýalaryň dowam edýändigi nygtaldy.
Beýanatda, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin we Hakurk etrapçalarynda terror guramasy PKK-a garşy howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.
Howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Beýleki tarapdan Wan welaýat häkimliginden berlen beýanatda, Wanda 2016-njy ýylda Adalat we ösüş partiýasynyň welaýat bölüminiň başlygynyň we polisiň sowutly ulagyna guralan iki hüjüm bilen arabaglanşykly gözlenýän “Reşit” lakamly PKK-ly terrorçy Mustafa Artaşyň Gürpynar etrabynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde guralan operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.
Degişli Habarlar
Hamasyň Biziň Maslahatymyz Bilen Ylalaşygy Kabul Etmegi Kanagatlandyryjy
Prezident R.T.Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýanat berdi.