Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşlerini Oraza baýramlary bilen gutlady

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup olary Oraza baýramlary bilen gutlady

1423137
Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşlerini Oraza baýramlary bilen gutlady

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Çawuşogly Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi, Angolanyň Daşary işler ministri Tete Antoniu, Bolgariýanyň Daşary işler ministri Ýekaterina Zahariýewa, Gambiýanyň Daşary işler ministri Mamadou Tangara, Maldiwleriň Daşary işler ministri Abdullah Şahid, Zambiýanyň Daşary işler ministri Jozep Malanži we DKTR-nyň Daşary işler ministri Kudret Özersaý bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, olary baýramlary bilen gutlady. 

Beýleki tarapdan Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler mininstri Elmar Memmedýarow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde kärdeşini hem Oraza baýramy bilen hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Güni bilen gutlady. 



Degişli Habarlar