Erdogan Oraza baýramy mynasybetli käbir liderler bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1423028
Erdogan Oraza baýramy mynasybetli käbir liderler bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Oraza baýramy mynasybetli käbir ýurtlaryň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Prezident R. T. Erdogan, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidentiň Ilham Aliýew we Omanyň Soltany Heýsem Bin Taryk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliklerinde liderler birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlady we täze görüş koronawirusa garşy göreşde hyzmatdaşlyk we epidemiýadan soň durmuşa geçiriljek işler bilen birlikde özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar