1-nji ýanwardan bäri terrora garşy guralýan operasiýalarda 1458 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ministr Akar, Türk ýaragly güýçleriniň serkerdeleri bilen birlikde harby merkezlere baryp esgerler bilen baýramlaşdy

1423184
1-nji ýanwardan bäri terrora garşy guralýan operasiýalarda 1458 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 1-nji ýanwardan bäri Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda guralýan operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 1458 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Akar, Türk ýaragly güýçleriniň serkerdeleri bilen birlikde harby merkezlere baryp esgerler bilen baýramlaşdy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar harby merkezde eden çykyşynda, terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam edýändigini nygtap “1-nji ýanwardan bäri Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terror guramalaryna garşy guralýan operasiýalarda häzire çenli 1458 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Türk ýaragly güýçleriniň terrora garşy operasiýalary soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder”diýdi.

Siriýanyň Idlib welaýatynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Akar, 5-nji martda Russiýa bilen gazanylan ylalaşykdan soň Idlibde durnuklylygyň üpjün edilmegi we çaknyşyklaryň bes edilmegi baradaky tagallalaryň dowam edýändigini belledi.

Welaýatda umuman alnanda ylalaşyga laýyklykda hereket edilýändigini aýdan Akar, ylalaşygyň netijesinde 300 müňe golaý siriýalynyň meýletin we howpsyz ýagdaýda öýlerine dolanandyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar