Erdogan bilen Al Sabah birek biregi Oraza baýramy bilen gutlady

Liderler iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy

1422606
Erdogan bilen Al Sabah birek biregi Oraza baýramy bilen gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Erdogan bilen Al Sabah telefon söhbetdeşliginde birek biregi Oraza baýramy bilen gutlady.

Liderler telefon söhbetdeşliginde şeýle hem iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler we täze görnüş koronawirusa garşy göreşde hyzmatdaşlyk edilmegi hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar