Türkiýe, Nigerde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

“Bu hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris"

1420758
Türkiýe, Nigerde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

 

Türkiýe, Nigerde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgaryp, hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Nigeriň Diffa şäherinde ýekşenbe güni guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan we ýaralanan eslerlere uly gynanç bildirýändigi ýatladyldy.

Beýanatda “Bu hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Doganlyk nigeriň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris” diýildi.

Nigerde terror guramasy Boko Haramyň Diffa şäherindäki harby baza ýekşenbe güni guran hüjüminde 12 esger ýogalypdy, 10 esger hem ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar