Rak keseline duçar bolan Türkiýäniň raýaty Şwesiýadan getirildi

Landwetter howa menziline gonan uçar Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:30-da Emre Pataty alyp, Türkiýä tarap ýola çykdy

1418463
Rak keseline duçar bolan Türkiýäniň raýaty Şwesiýadan getirildi

Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde ýaşaýan rak keseline duçar bolan Emre Patat atly ýaş oglan, Türkiýe tarapyndan ugradylan tiz kömek uçary bilen Gýoteborg Landwetter howa menzilinden bejergi maksady bilen Türkiýä getirildi. 

23 ýaşyndaky rak keseline duçar bolan ogly Emre Patat üçin ýardam talap eden Nafyz Patatyň çagyryşyna laýyklykda Türkiýe herekede geçdi. 

Landwetter howa menziline gonan uçar Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:30-da Emre Pataty alyp, Türkiýä tarap ýola çykdy. 

Nafyz Patat, ogly Emreniň eýýäm 4 ýyl bäri rak keseli bilen bagly bejergi alýandygyny we lukmanlaryň operasiýa geçirmekden saklanýandygyny habar berdi. 

Nafyz Patat: "Koronawirus epidemiýasy sebäpli uçar saparlary bolmanlygy üçin men hem öz gezegimde Türkiýäniň Stokgolm şäherindäki ilçihanasynyň üsti bilen Saglygy goraýyş ministrliginden kömek soradym" diýip mälim etdi. 

Türkiýäniň sesini eşidip Şwesiýa tiz kömek uçaryny ugradandygyny aýdan Patat, Prezident Rejep Taýýip Erdogana, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja we Türkiýäniň Stokgolm şäherindäki ilçisi Hakky Emre Ýunta minnetdarlyk bildirdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Şwesiýa , #rak

Degişli Habarlar