Türkiýe Mawritaniýa maska kömegini berdi
19 müň 200 maska Mawritaniýanyň Premýer ministrliginiň we Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylaryna tabşyryldy
1417589
Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti, täze görnüş koronawirusa garşy göreşiň çäginde Mawritaniýa maska kömegini berdi
Türkiýäniň Mawritaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jem Kahýaogly, 19 müň 200 maskany Mawritaniýanyň Premýer ministrliginiň we Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.
Günbatar Afrikada ýerleşýän Mawritaniýada häzire çenli Kovid-19 sebäpli 2 adam ýogaldy, 16 adam hem hasaba alyndy.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.