Wan welaýatynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Hüjümçileriň tapylmagy üçin sebitde giň gerimli operasiýa başladyldy

1417337
Wan welaýatynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Wan welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan, Wefa sosial ýardam toparynyň işgärlerini daşaýan ulaga garşy guralan hüjümde 2 adam ýogaldy. 

Wan welaýatynyň Özalp etrabynda karantin astyna alynan etrapçadan gaýdyp gelýän Wefa sosial ýardam toparynyň işgärlerini daşaýan ulaga, terrorçylar tarapyndan ýaragly hüjüm guraldy. Hüjümde 2 adam hadysanyň bolan ýerinde ýogaldy. 

Ulagdaky ýene-de 1 adam bolsa hüjümden ýaraly ýagdaýda halas boldy. 

Ýaralanan adam hassahanada bejergi astyna alyndy. 

Hüjümi guran terrorçylar ulaglary bilen birlikde hadysanyň bolan ýerinden gysga wagtda uzaklaşdylar. 

Hüjümçileriň tapylmagy üçin sebitde giň gerimli operasiýa başladyldy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Wan

Degişli Habarlar