Diýarbakyrda PKK-a garşy operasiýa geçirildi

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär

1416761
Diýarbakyrda PKK-a garşy operasiýa geçirildi

Diýarbakyrda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýada 1 terrorçy öli ýagdaýda, terror sanawynyň narynç kategoriýasy boýunça gözlenýän beýleki bir terrorçy bolsa diri ýagdaýda ele salyndy. 

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Diýarbakyr welaýatynyň Lije etrabynda Ýörüteleşdirilen harby topar tarapyndan geçirilen operasiýada terrorçylar bilen ýaragly çaknyşyk başdan geçirildi. 

Operasiýada 1 terrorçy öli ýagdaýda, ýene-de 1 terrorçy bolsa diri ýagdaýda ele salyndy. 

Diri ýagdaýda ele salynan terrorçynyň, terror sanawynyň narynç kategoriýasy boýunça gözlenýän, başyna 1 million lira goýulan, guramanyň Serhabun Lije etrabyndan jogapkär ýolbaşçysy Heba Rodi adyny ulanýan T.K. atly terrorçydygy mälim edildi. 

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär. 



Degişli Habarlar