Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
1415826
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terrorçylaryň Parahatçylyk çeşmesi sebitine girmäge synanyşandygy mälim edildi.
Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "Desant güýçlerimiz terror guramasynyň aksiýalar geçirmegine rugsat bermeýär. Durnuklylygy we asudalygy bozmak üçin Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan, Eýranyň Daşary Işler Ministriniň Wekili Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan dost we doganlyk eýranyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.