"Koronawirus sebäpli daşary ýurtlarda ýaşaýan 507 raýatymyz ýogaldy”

Çawuşogly, Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşde 79 ýurda kömek berendigine aýratyn ünsi çekdi

1416015
"Koronawirus sebäpli daşary ýurtlarda ýaşaýan 507 raýatymyz ýogaldy”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, daşary ýurtlarda ýaşaýan we koronawirus sebäpli ýogalan türkleriň sanynyň 507 adama ýetendigini aýtdy.

Ministr Çawuşoglu hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda ýaşaýan we ýurda getirlen türkleriň ýagdaýy hakyndaky soraga jogap beren Çawuşoglu “7 milliona golaý raýatymyz daşary ýurtlarda ýaşaýar. Koronawirus sebäpli daşary ýurtlarda ýaşaýan 507 raýatymyz ýogaldy” diýdi.

Daşary işer ministri Mewlüt Çawuşogly “Epidemiýa sebäpli 110 ýurtdan 65 müňden gowrak raýatymyzy ýurdumyza getirdik” diýip belledi.

Çawuşogly, Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşde 79 ýurda kömek berendigine aýratyn ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar