PKK-a agza terrorçylar Türk howpsyzlyk güýçlerine boýun egmäge dowam edýär

Türkiýäniň Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda edilen tagallalaryň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 1 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

1414999
PKK-a agza terrorçylar Türk howpsyzlyk güýçlerine boýun egmäge dowam edýär

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Içeri işler edarasynyň we Žandarma güýçleriniň, maşgalalaryň hem goldawy bilen alynyp barylýan işleriň netijesinde ekstremist terror guramasyndaky dargama etaby dowam edýär. 

Şol çäkde düýn PKK-nyň düzümine 2014-nji ýylda goşulan, guramanyň Siriýa şahasynda iş alyp baran R.G. atly terrorçy Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Şeýlelik bilen şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ynandyrylmaklary netijesinde terror guramanyň düzüminde gaçyp, howpsyzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 76-a ýetdi. 



Degişli Habarlar