1-nji ýanwardan bäri 1359 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

"Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam edýär"

1413973
1-nji ýanwardan bäri 1359 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 1-nji ýanwardan bäri 1359 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň ýolbaşçylygynda Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güleriň we serkerdeleriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Ministr Akar, bir tarapda koronawirusa garşy göreşiň, beýleki tarapda bolsa Türk ýaragly güýçleriniň terrora garşy egilşiksiz göreşiniň dowam edýändigini belledi.

Türk ýaragly güýçleriniň 5 operasiýa zolagynda operasiýalaryň geçirilýändigini aýdan Akar, terror garşy tutanýerli göreşiň dowam edýändigini nygtady.

Akar “Penşenbe güni geçirlen operasiýalarda 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 1-nji ýanwardan bäri geçirilýän operasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 1359-a ýetdi. Mehmetçigimiz hem wirusa hem-de terrora garşy tutanýerli göreşini dowam etdirýär” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar