“Antalýa Syýahatçylara Garaşýar”

Antalýanyň Patara we Çyraly Plýažlary Ýewropanyň Saýlamalarynyň Hatarynda

1410744
“Antalýa Syýahatçylara Garaşýar”

Syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýanyň Patara we Çyraly plýažlary Britaniýanyň “Ze Guardian” gazetinde Ýewropanyň iň saýlama 30 plýažynyň hatarynda görkezildi.

Kemer etrabynyň häkimi Nejati Topalogly beren ýazmaça beýannamasynda koronawirusdan soň dynç almagy meýilleşdirýänler üçin iň gowy plýažlaryň sanawyny düzen “Ze Guardian” gazetinde Türkiýeden 2 sanysy Antalýadan, jemi 5 plýaža orun berilendigini habar berdi.

Antalýanyň Patara we Çyraly plýažlarynyň sanawa goşulandygyny beýan eden Topalogly: “Sebitimiz ýerli we daşary ýurtly syýahatçylarymyzy üzüne çekmäge dowam edýär. Bu ýerler karetta-karettalaryň köpelýän zolagy. Myhmanlarymyz säher çagy kiçijik karetta-karettalaryň ilkinji gezek deňize girmeklerine syn etmäge pursat tapýar. Biz syýahatçylara garaşýarys. Taýarlyklarymyzy tamamladyk” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar