Ministrler kabinetiniň mejlisi şu gün geçiriler

Ministrler kabinetiniň mejlisi, şu gün Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriler

1410183
Ministrler kabinetiniň mejlisi şu gün geçiriler

Stambul şäherindäki Huber köşgünde wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçiriljek mejlisde epidemiýa garşy göreşde görülen çäreleriň tapgyrlaýyn häsýetde bes edilmegi bilen bagly taýarlanan meýilnama ara alnyp maslahatlaşylar.

4 tapgyrdan ybarat bolan meýilnama, halkyň saglygyna howp salmazdan çäreleriň tapgyrlaryn häsýetde bes edilmegini öz düzüminde jemleýär.

Meýilnama laýyklykda, şu aýy taýarlyk aýy hökmünde kesgitlendi. 

Oraza baýramynda meýilnamanyň ikinji tapgyryna geçiler.

Bilim, transport we syýahatçylyk pudagynda käbir çäklendirmeler gowşadylar.

Mekdepler 1-nji iýunda tapgyrlaýyn ýagdaýda açylmaga başlanar. 

Şol döwürde şäherara awtubus saparlarynyň başlamagyna we ýerli syýahatçylar üçin syýahatçylyk zolaklarynyň açylmagyna garaşylýar.

İkinji tapgyrda epidemiýa garşy göreşde haýsydyr bir kynçylyk başdan geçirilmän halatynda üçünji tapgyra geçiler.

Sentýabr aýy bilen birlikde başlajak bu döwürde bilim bilen bagly edilýän ädimler dowam etdiriler. 

Koronawirusa garşy sanjymyň taýarlanmagy baradaky işleriň depgini güýçlendiriler. 

Öňümizdäki 2021-nji ýylyň başyndan başlap bolsa dördünji we soňky tapgyra geçiler.

Bu döwürde epidemiýa dolulygyna ortadan aýrylandan soň durmuşa kadalaşar.

 



Degişli Habarlar