Fahrettin Koja Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň geçiren maslahatynda Türkiýäniň epidemiýa garşy göreşi barada maglumat berdi

1408898
Fahrettin Koja Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adanom Gebreisusyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen maslahatda, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi barada maglumat berdi. 

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli geçirilen we dünýäde göni ýaýlym arkaly görkezilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hepdelik maslahaty, Baş direktor Gebreisusyň çykyşy bilen başlady. 

Gebreisus, ýurtlaryň gören çärelerini ýuwaş-ýuwaşda aýyrmaga başlandyklaryna ünsleri çekip, bu babatda ätiýaçly bolunmalydygyny, öňüni alyş çäreleriň aýrylmagynyň entek irdigini belledi. 

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja bolsa öz gezeginde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy başda bolmak bilen ähli global kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyklaryny iň ýokary derejede dowam etdirýändiklerini habar berdi. 

Türkiýede koronawirus bilen bagly görkezijileri paýlaşan ministr Fahrettin Koja, bejergide üstünlikli netijeler alýandyklaryny, ýogalýan adamlaryň sanynyň pes derejededigini, wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň hem azalýandygyny beýan etdi. 

Görülen öňüni alyş çäreleri bilen Tükriýäniň ölün hadysalary boýunça ilkinji ölüm hadysasyndan soňky 30-njy gününde iň ýokary derejä ýetendigini aýdan ministr Koja: "Ýurdumyz wirusyň iň giýç giren ýurtlaryň hatarynda boldy, iň ýokary dereje hem çak edilşinden ir boldy. Ýolugan-ýogalan adamlaryň görkezijileri boýunça hem Ýewropanyň iň pes görkezijilerine eýe bolan ýurtlaryň biri boldy. Görkezijileriň peselip dowam etmegi üçin ýurdumyz, öňüni alyş çärelerini ýene-de birnäçe wagt dowam etdirmek niýetindedir, pes görkezijilere aldanyp, arkaýyn bolmarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar