Yragyň demirgazygynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1406774
Yragyň demirgazygynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terror guramasy PKK-a garşy operasiýalaryň tutanýerlilik bilen dowam edýändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde, anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy, howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýleki bir beýanatda bolsa, Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 11 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #demirgazyk , #Yrak , #Hakurk

Degişli Habarlar